Möwlany Hatyralama Güni
Adama sarpa goýýan pelsepesi bilen dünýämizi ýagtyldan Möwlanany ýene-de bir gezek hormat bilen hatyralaýarys
633195
Anadolynyň iň bir sarpa goýulýan adamy, pikirzada we şahyr Möwlana Jelaledddin Rumyny hormat bilen hatyralaýarys. Onuň aýdyşyna görä ölümi, söýgülä gowuşan güni. Aglamagy, gynanmagy gadagan eden Möwlananyň Anadolynyň gözýetiminde ýaňlanýan sözleri häzirki döwürde diňe bir Türkiýede däl, dünýäniň çar tarapyndan eşidilýär. Her ýyl 17-nji dekabrda Konýada geçirilýän Şebi Aruz dabarasyna dünýäniň çar tarapyndan müňlerçe adam onuň “Kim bolsaň bol, ýene-de gel” diýlen çağyryşyna laýyklykda gelýär. Adama sarpa goýýan pelsepesi bilen dünýämizi ýagtyldan Möwlanany ýene-de bir gezek hormat bilen hatyralaýarys.