Kalyn: “Ýewropa meselelerini çözmek isleýän bolsa Türkiýe we yslam garşydaşlygynyň öňüni almaly”

Kalyn Ýewropanyň gödek we zeper ýetiriji potensiala eýe bolan syýasy popülizm akymyna sezewar bolandygyna ünsi çekdi

624810
Kalyn: “Ýewropa meselelerini çözmek isleýän bolsa Türkiýe we yslam garşydaşlygynyň öňüni almaly”

Prezidentiň metbugat sekretary İbrahim Kalynyň “Daily Sabah” gazetinde çap edilen Ýewropanyň meseleleri” atly makalasy

Kalyn Ýewropanyň gödek we zeper ýetiriji potensiala eýe bolan syýasy popülizm akymyna sezewar bolandygyna ünsi çekdi.

Prezidentiň metbugat sekretary İbrahim Kalyn Ýewropada geljek ýyl geçiriljek saýlawlarda İslamafobik we daşary ýurtly duşmançylygyna esaslanýan çykyşlaryň ýaýbaňlanjakdygyny nygtady.

Kalyn Awstriýada geçirilen saýlawlary mysal getirip, rasist syýasatlaryň uzak möhletde mesleleri çözmejekdigini duýdurdy.

İbrahim Kalyn Fransiýada we Germaniýada-da saýlaw kampaniýalarynda şuňa meňzeş netijäniň ýüze çykjakdygyny beýan etdi.

Kalyn aşa sagçy liderleriň rasist çykyşlar bilen saýlawçylara ýalňyş maglumat berip, esasy meselelerden gaçýandyklaryny nygtady.

İbrahim Kalyn İtaliýada referendumdan soň emele gelen hökümet meselesiniň Ýewropada düýpli syýasy we ykdysady netijeleri ýüze çykarjakdygyny pikir edýär.

Kalyn Ýewropadaky saýlaw şertleriniň Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etabyna-da täsirini ýetirýändigini nygtady.

İbrahim Kalyn Ýewropanyň meseleleriniň radikal akymlar bilen däl, eýsem başlangyç gymmatlyklar bilen çözüp biljekdigini beýan etdi.

Kalyn syýasy populizm ugruna Türkiýä garşy duşmançylygyň, Türkiýä däl, eýsem Ýewropa zyýan ýetirjekdigini ýatlatdy.



Degişli Habarlar