Terror guramasy DAIŞ-i ýeňlişe sezewar edip bolar

Prezident Diwanynyň İş dolandyryjysynyň orunbasary, Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn DAIŞ barada beýanat berdi

596936
Terror guramasy DAIŞ-i ýeňlişe sezewar edip bolar

DAIŞ syýasy boşlukdan, etniki we messep häkimiýet we wekilçilikli söweşler sebäpli dörän ýalňyşlardan ýüze çykdy. Ýakyn wagtlarda edilen ýalňyşlardan gaçyp DAIŞ-i ýeňlişe sezewar etmek mümkin.

DAIŞ eýýäm birnäçe aý bäri Siriýada we Yrakda öz gözegçiligi astynda bolan ýerlerden yza çekilýär. Gurama Dabykyň synmagy we Mosul operasiýasynyň başlamagy bilen öňkülerdenem has beter basyş astyndadyr. DAIŞ-i ýeňlişe sezewar etmek iň başynda pikir edilenden has ýeňil bolup biler. Emma bu hekaýanyň diňe bir bölegidir. DAIŞ-i we onuň akmak ideologiýasyny ýeňmek üçin käbir goşmaça çäreler görülmelidir. Esasy zat bolsa beýgelmegine we ýaýramagyna sebäp bolan zatlar DAIŞ-iň ýaňadandan janlanmagyna islendik pursat sebäp bolup biler.

DAIŞ 2003-nji ýylda Yragyň köpçülikleýin ýaraglara eýe bolmagy ýaly ýalan öňe sürmeleri bahana edilip Amerikanyň basyp almagyndan soň ýüze çykdy. Maliki dolanşygynyň messepçi syýasaty sebäpli bolsa has hem güýçlendi. Halkara jemgyýetiň Siriýanyň halkyny Asada bagly güýçleriň wagşylyk bilen guraýan hüjümlerine garşy gorap bilmezligi bilen bolsa DAIŞ-i has hem öldüriji terror guramasyna öwrülmegine itergi berdi. Ölümi we ýok etmegi ýörelge edinen, akmak ideologiýany esas edinen bu gurama ýitgi, adalatsyzlyk we basyş duýgularyny has hem ekspluatatsiýa etdi.Dünýä güýçleri we sebitiň aktýorlary Yragyň we Siriýanyň üsti bilen bolgusyz we örän gymmat wekilçilikli söweşlerini dowam etdirdigi saýyn DAIŞ ýok bolup bilmez diýen abraý gazandy.
DAIŞ ýaly guramalar biziň isleýşimiz ýaly ýok bolmaz. Bular ýaly görnüşli toparlaryň wirusyny ýok etmek we täsirsiz ýagdaýa getirmek üçin örän erjel bir göreş, sazlaşyk we tutanýerlilik gerek. Emma soňky wagtlarda Jarablus, Azaz, Menbiç we Dabyk ýaly ýerlerdäki ýeňişler ony ýeňip bolýandygynyň subudy boldy.  Yragyň Ýaragly güýçleriniň öň hatarda bolmagyndaky, peşmerge güýçleriniň we halkara hyzmatdaş güýçleriniň gatnaşmagynda we Türkiýäniň goldaw bermegindäki Mosul operasiýasy bilen gurama agyr zarba salynmagyna garaşylýar. Emma Mosuldaky islendik ýalňyşlyk DAIŞ-e beýleki ýerlerde gowşatman has hem güýçlendirjek mümkinçilige eýe.
Sebäbi DAIŞ-i ilki başda döreden şertleriň entegem bar bolmagy. Terrora garşy göreşde koordinasiýanyň ýetmezçiligi, Asada bagly güýçleriň gyrgynçylyklarynyň dowam etmegi, messepçi syýasatlar, döwletden daşary aktýorlaryň etmişleri we birtopar beýleki sebäpler DAIŞ taýdan awantaždyr we olar häzirki wagtda hem bardyr. DAIŞ musulmanlara garşy bolan rasist we yslamafobiýajylaryň ellerindäki täsirli bir enjamdyr we olar DAIŞ bilen Günbatar döwletleriň gorkylaryny ekspluatasiýa edýärler.
Zorlugy özünde jemleýän ektremist global barlykdyr we onuň birnäçe sebäbi bardyr. Ol dini, dünýewi we milletçi düşünjeler bilen motiwasiýa edilip biliner. Bu adamlaryň uly adalatsyzlyk we basyş diýip kabul edýän we olara garşy reaksiýa berýän sosial we syýasy şertler bilen arabaglanşyklydyr. Söweşler, öldüriji söwüşler, içerki söweşler, taýpalaryň arasyndaky duşmançylyklar, başarnyksyz döwletler we birnäçe beýleki faktorlar zorlugy özünde jemleýän ektremizmiň beýgelşinde we ýaýbaňlanmagynda uly orun eýeleýär. Zorlugy özünde jemleýän ekstremizmiň ýüze çykmagynyň birnäçe sebäbi bardyr we biz şonuň sebäplerini düşünmek we birnäçe derejede ýok etmek we öňüni almak üçin ediljek hereketde bilelikde umumy bir pozisiýa eýe bolmalydyrys.

Bular ýaly pozisiýa üçin başda iki dürli derejede hereket edilmeli: Düşünje derejesi we hakykatlar derejesi. Düşünje hökmünde güýji özünde jemleýän ekstremizm DAIŞ, PKK, ETA ýaly terrorçylykly toparlar we Mýanmadaky musulmanlaryň garşydaşy bolan budist milletçiler üçin hereketlendiriji güýçdir. Olara garşy söweşmek üçin ilki bilen düşünje taýdan söweşmeli we terror metdodlaryndan goranmak üçin özboluşly we ynamly çeşmelere esaslanyp, ret edilmeli. DAIŞ babatynda musulman alymlar we dini liderler onyň ekstremist ideologiýasyny çüredipdirler we logikalarynyň ýalňyşlygyny ýüze çykarypdyrlar. Bu tagallalaryň iň gowy mysaly bolsa musulman alym we ylmy işgärleriň uly bir böleginiň 2014-nji ýylda Abu Bakr Al Bagdada ýazan hatlarydyr. Köp sandaky beýleki alymlar we jemgyýet liderleri DAIŞ-iň ekstremist ideologiýasyny we onuň wagşyçylykly ideologiýasyny goranmak üçin edilen işe girişmeleri ret edipdir.

Emma DAIŞ-iň metodologik düýbini ret etmek ýeterlik däldir. Olaryň yslaamyň esasy ýörelgelerini nähili derejede ýoýandyklaryny we üýtgedýändiklerini görkezmeli. Aslyna garanyňda DAIŞ-iň ideologiýasy we türgenleşigi dünýädäki 1,7 milliard musulmanyň ynanjy we durmuşy bilen düýbinden üýtgeşikdir. Emma ekstremistleriň kiçiräk toparlara öz täsirini ýetirip bilýärler. Bu aýratynlyk bilen yslam tarapdan bir mesele däldir. Jöhitlik, hristianlyk, budizm we beýleki ynançlar hem muňa meňzeş ektremistik hüjümlere sezewar bolupdy. Baruk Goldsteinde başlap Andres Breiwike çenli ençeme adam din, ýurt ýa-da ideologiýalar ugrunda terreorçylykly hereket edipdiler.
Bu ýerde esasy mesele bolsa ol wagşylara garşy wagşysyzlyk bilen söweşmekdir. DAIŞ-iň bolsa soňky ýyllardaky şowsuz syýasatlaryň netijesinde bir wagşy ýagdaýyna öwrülmegine rugsat berildi. Bilşimiz ýaly 24-nji awgustda başlan Türkiýäniň Ýewfrat galkany operasiýasy DAIŞ-e garşy täsirli bir söwşiň kanuny oppozisiner toparlar we olara gerek bolan ähli syýasy, harby we intelektual çeşmelere goldaw bermek bilen mümkindigini görkezdi. Ähli maglumatlaryň DAIŞ-e we oňa meňzeş toparlary ýeňmek mümkindigini görkezýär.

DAIŞ syýasy boşlukdan, etniki we messep häkimiýet we wekilçilikli söweşler sebäpli dörän ýalňyşlardan ýüze çykdy. Ýakyn wagtlarda edilen ýalňyşlardan gaçyp DAIŞ-i ýeňlişe sezewar etmek mümkin.



Degişli Habarlar