“Bu iş ol diýen aňsat däl we içerik dogry girdigiň saýyn çaknyşyklar artar”

Prezident Diwanynyň metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn Mosul operasiýasynyň başydygyny, bu işiň ol diýen aňsat däldigini we içerik dogry girdigiň saýyn çaknyşyklaryň artjakdygyny nygtady

595371
“Bu iş ol diýen aňsat däl we içerik dogry girdigiň saýyn çaknyşyklar artar”

Gepleşikleriň birine gatnaşan Ibrahim Kalyn gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi.

Kalyn: “Howa operasiýasy bilen baglanşykly taýarlyklar görüldi. Biziň bu ýerde esasy islegimiz DAIŞ-iň saplanmagy. Geçirilýän operasiýalar Yragyň dinamikalaryna laýyk bolmaly” diýdi.

Türkiýäniň Siriýada we Yrakda DAIŞ-e garşy göreş babatynda hyzmatdaş güýçler bilen bilelikde hereket edýändigini bellän Kalyn: “DAIŞ-e garşy göreşde biz tutanýerli. Hem Siriýada, hem Yrakda ýa-da islendik başga ýerde Türkiýe halkara hyzmatdaş güýçler bilen bilelikde hereket etmegini dowam etdirýär. Sebäbi DAIŞ terror guramasynyň ortadan aýrylmagy we gün tertipden aýrylmagy möhüm. Mosul operasiýasyna hyzmatdaş güýçleriň bir bölegi hökmünde goldaw berýäris” diýdi.



Degişli Habarlar