EXPO 2016-Antalýa, “Çaga we Gül” temasy bilen abaraly ýagdaýda açyldy

EXPO 2016 Antalýa 8 million adamyň gelip görmegine garaşylýar

476466
EXPO 2016-Antalýa, “Çaga we Gül” temasy bilen abaraly ýagdaýda açyldy

EXPO 2016-Antalýa, “Çaga we Gül" temasy bilen düýn dabaraly ýagdaýda açyldy.

EXPO-nyň açylyş dabarasyna Prezident R. T. Erdogan, Premýer ministr Ahmet Dawutogly, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy İsmail Kahraman, ministrler, daşary ýurtlaryň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we halk deputatlary bilen birlikde 5 müňden gowrak adam gatnaşdy.

Prezident R. T. Erdogan açylyş dabarasynda eden çykyşynda taslamany başyndan bäri milli taslama hökmünde kabul edendiklerini nygtap, “EXPO 2016 diňe Antalýanyň däl, eýsem tutuş Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki kärhanalaryň we hususy pudagyň hyzmatdaşlygynyň önümidir" diýdi.

Prezident Erdogan EXPO 2016 Antalýa Türkiýäniň botanika baýlygynyň halkara derejesinde tanyşdyrylmagy bilen birlikde ylmy maslahatlara her ýer eýeçiligini etjekdigini belledi.

Prezident Erdogan “Biz EXPO 2016 Antalýanyň mundan soň hem syýahatçylygyň we medeniýetiň esasy merkezlerinden biri bolmagyny maksat edinýäris" diýip belledi.

Premýer ministr Ahmet Dawutogoly hem EXPO-nyň global daşky gurşaw meseleleriniň çözülmegine uly goşant goşjakdygyny nygtady.

Açylyş çykyşlaryndan soň Prezident Erdogan EXPO meýdanyndaky türk bag-bakçysyny açdy.

Olimpiadalardan we dünýä kubogyndan soň iň uly guramaçylyklardan biri hökmünde kabul edilýän Bütindünýä Botanika EXPO-sy 160 ýyllyk EXPO taryhynda ilkinji gezek Türkiýede açyldy.

Prezidentiň hemaýatkärligindäki EXPO 2016 Antalýa Antalýanyň Aksu etrabynda 121 gekdarlyk meýdanda guruldy we 191 gün açyk bolar.

Pelsepesi “Gelejek nesiller üçin al-ýaşyl dünýä", temasy “Çaga we gül", şygary bolsa “Parlak geljek" bolan EXPO 2016 Antalýa milli we halkara derejesinde geçiriljek kongreslere, panellere, maslahatlara we seminarlara ýer eýeçiligini eder.

EXPO 2016 Antalýa gatnaşýan ýurtlar öz ýurtlarynyň bag-bakça medeniýetlerini tanyşdyrar.

EXPO üçin 6500 adamlyk kongres merkezi bilen birlikde 5 müň we 800 adamlyk iki teatr guruldy.

Çagalar adasy, çagalar üçin ylym we tehnalogiýa merkezi, EXPO köli, EXPO depesi, EXPO tokaýy, EXPO meýdany, medeniýet we sungat köçesi Expo geljekleriň ünsü özüne çeker.

Halkara sergiler merkeziniň görkezijilerine görä A-1 kategoriýasyndaky botanika Expolary üçin 1990-njy ýylda Osakada geçirlen Expo 78 ýurt gatnaşdy.

Osakadan soň EXPO 2016 Antalýa bolsa 52 ýurt gatnaşýar.

EXPO 2016 Antalýa 8 million adamyň gelip görmegine garaşylýar



Degişli Habarlar