G20-niň maslahatyna sanalgyja gün galdy

“G20 2015 Türkiýe” üstümizdäki aýyň 15-16-sy aralygynda Antalýanyň Belek etrapçasynda geçiriler

415118
G20-niň maslahatyna sanalgyja gün galdy

Şol sebäpli bütin dünýäniň üns merkezi Türkiýä gönükdi. Antalýada taýarlyklar tamamlandy, howpsyzlyk iň ýokary derejede, şäherde guş uçmaýar.
G20-niň maslahaty üçin ýylda 25 millipn ýolagçy kabul edýän Antalýanyň howa menziline 60 uçarlyk, gündelik myhmanlar üçin bolsa 34 uçarlyk duralga guruldy. 2 müňden gowrak metbugat işgäri akreditasiýa edildi. Şolaryň esasy bölegi Antalýa ornaşdy.
Maslahatyň dowamynda peýdalanylmak üçin ýokary amatlykly ulaglar bilen birlikde jemi bäş müňden gowrak ulag kireýine alyndy. Eýsem, global ykdysadyýeti we syýasaty ugrukdyrýan liderleri özünde jemleýän G20 nämeden ybarat? Maslahata kimler gatnaşar? G20-de nämeler ara alynyp maslahatlaşylar? Maslahatda Türkiýäniň ileri tutýan ugurlar nämelerden ybarat?
G20 nämeden ybarat?
İňlisçe “Group of 20” (20 topary) adalgasynyň gysgaldylan görnüşi bolan G20, dünýäniň senagat taýdan ösen ykdysadyýetine eýe bolan 19 ýurtdan we ÝB-den emele gelýär. Kararlar liderleriň ylalaşygyna laýyklykda kabul edilýär. G20-ä girýän ýurtlar dünýä ykdysadyýetiniň 85 göterimine, dünýädäki söwda mukdarynyň bolsa 75 göterimine golaýyna eýe. Maslahat ýylda bir gezek döwürleýin başlyklyk ediji ýurduň ýer eýeçiliginde geçirilýär. Belekdäki maslahat G20-niň 10-njy ýokary derejeli maslahaty bolar.
Gurama haýsy ýurtlar agza?
Türkiýe, ABŞ, Britaniýa, Russiýa, Ýaponiýa, Kanada, Germaniýa, Fransiýa, İtaliýa, Awstraliýa, Braziliýa, Argentina, Hindistan, Hytaý, İndoneziýa, Meksika, Saud Arabystany, Günorta Afrika, Günorta Koreýa we ÝB Komissiýasy bilen ÝB Geňeşiniň başlyklary agza.

Gatnaşyjylar döwletlerden ybaratmy?
Ýok, HPG, Bütindünýä banky, OEJD, Bütindünýä söwda guramasy, BMG ýaly halkara guramalarynyň wekilleri hem maslahatlara gatnaşýarlar.
Ýer eýeçiligi Türkiýä näme bähbit getirdi?
Türkiýäniň global ykdysady bazarlaryndaky tanymallygyna goşant goşdy. Maslahat Türkiýäniň garaýyşlaryny beýan etmegi üçin amatly platformalardan biri.
G20-niň Antalýadaky maslahatyna kimler gatnaşýar?
G20-niň maslahatlary başlangyçda diňe maliýe ministrlerinin derejesinde geçirilen bolsa, 2008-nji ýylda başlan global ykdysady çökgünlikden soň döwlet ýolbaşçylary derejesinde geçirilmäge başlandy. Türkiýäniň ýer eýeçiliginde geçiriljek üstümizdäki aýyň 15-16-sy aralygyndaky maslahata ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Britaniýanyň Premýer ministri Dewid Kameron, Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel, Fransiýanyň Prezidenti Fransua Oland we Hytaýyň döwlet Başlygy Si Szinping bilen birlikde köp sanly döwlet hem-de hökümet ýolbaşçysy gatnaşar. Ýer eýesi Türkiýe şu ýyl maslahata Azerbaýjany, ASEAN-yň döwürleýin ýolbaşçysy Malaýziýany, NEPAD-yň adyndan Sinegaly, Singapury, İspaniýany we Afrika bileleşiginiň 2015-nji ýyldaky döwürleýin ýolbaşçysy Zimbabwäni çagyrdy. Maslahatda Türkiýä Prezident Erdogan wekilçilik eder. Maslahata jemi 25 müňe golaý adamyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Liderler G20-niň maslahatynda haýsy meseleleri seljererler?
1999-njy ýylda döredilen G20-niň birinji maslahatynda esasan halkara maliýe durnuklylygynyň güýçlendirilmegi barada pikir alyşylypdy. Emma soňky ýyllarda geçirilen maslahatlarda diňe bir maliýe meseleleri däl, eýsem global terror, howa çalşygy we durnukly ösüş ýaly dünýäni gyzyklandyrýan möhüm syýasy hem-de jemgyýetçilik meseleleri hem ara alynyp maslahatlaşylmaga başlandy.
Antalýadaky maslahatda-da esasanda özara duşuşyklarda soňky döwürde bütin dünýäniň ileri tutulýan meselelerinden birine öwrülen bosgunlar meselesinin we terror guramasy DAEŞ-e garşy göreşiň esasy orny eýelemegine garaşylýar. Dünýäniň ykdysady taýdan ösen ýurtlarynyň liderlerini özünde jemlejek G20-niň maslahatynda ösüş, maýa goýumlary, söwda, iş üpjünçiligi we bäsdeşlik ugurlarynda, özgertmeler we global durgunlykdan çykmak ugrundaky strategiýalar seljeriler. Şeýle-de maslahatda BMG-niň 2015-nji ýyldaky sessiýasynda garalan “Durnukly ösüş maksatlary-2030 gündeli” maksatnamasynyň çäginde ediljek başlangyçlaryň ara alynyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar. Dünýä döwletleriniň liderleriniň gün tertibinde halkara kompaniýalarynyň degişli bolaan salgyt bidüzgünçiligine garşy alynyp barylýan göreşiň çäginde täze iş meýilnamasynyň tassyklanmagy hem bar.
Maslahatda Türkiýäniň ileri tutjak ugurlary nämelerden ybarat bolar?
Türkiýe maslahatda esasanda Siriýada başdan geçirilýän wakalar, siriýaly bosgunlar we terrorçylyga garşy göreş ýaly meseleleri gün tertibine getirmek isleýär. Prezident Erdoganyň teklibine laýyklykda esasanda maslahatynyň birinji gününin agşamynda beriljek resmi naharda terror we bosgun meseleleri seljeriler. Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylarynyň beren maglumatyna görä Türkiýe: Siriýadaky durnuksyzlygyň we çaknyşyklaryň diňe bir Siriýada ýaşaýanlara ýa-da Siriýanyň goňşularyna däl, eýsem bosgun meselesi sebäpli Ýewropa ýurtlaryna ýetirýän ýaramaz täsirlerine ünsi çeker.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar