Şu gün Bütindünýä Ynsanperwer kömek güni

Her ýyl 18 million adam ýoksullyk sebäpli ýogalýar

334153
Şu gün Bütindünýä Ynsanperwer kömek güni

Şu gün Bütindünýä Ynsanperwer kömek güni.
Ýer ýüzünde 80 milliondan gowrak adam gyssagly kömege mätäç
Her ýyl 18 million adam bolsa ýoksullyk sebäpli ýogalýar.
Söweş we çaknyşyklar sebäpli ýitgi çekýänleriň sany hem gün saýyn köpelýär.
Ýer ýüzü Lukmanlar jemgyýetiniň başlygy doktor Kerem Kynyk gynandyryjy görkezijiler barada beýanat berdi.
Kynyk “Dünýäniň ilatynyň 10 göterimi, dünýäniň jemi baýlygynyň 70 göterimine eýe. Girdejileriň adalatly ýagdaýda paýlanmandygyny görýäris. Aslynda hemmämize ýeter ýaly baýlyk bar” diýdi.
Insanlaryň girdejileriniň bir bölegini yzygiderli ýagdaýda ynsanperwer kömegi üçin sarp etmelidigini aýdan Kynyk, öndürilýän 4 milliard tonnalyk azygyň 1,5 milliard tonnasynyň sarp edilmezden zir zibile atylýandygyny nygtady.
Kerem Kynyk “5 ýaşyna ýetmeden ýogalýan çagalaryň sany 7 milliondan geçdi, şolaryň ýarysy açyk sebäpli ýogalýar. Her ýyl 18 million adam ýoksullyk sebäpli ýogalýar” diýip belledi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar