Türkiýe prezidentini saýlaýar

Türk halky ilkinji gezek prezidentini saýlaýar

76344
Türkiýe prezidentini saýlaýar

Rejep Taýýip Erdogan


Rejep Taýýip Erdogan
Saýlaw Jarnamasy
Premýer ministr we prezidentlige dalaşgär R. T. Erdogan prezidentlige dalaşgärliginiň beýan edilmeginden soň saýlaw jarnamasyny hem beýan etdi.
“Halkymyz, Türkiýe Respublikasy döwletine we milli bitewiligine wekilçilik etjek Prezidentini ilkinji gezek göniden özi saýlar. Bu taryhy wakadyr” diýen Erdogan, “Täze Türkiýä” ünsi çekdi.
Türkiýe Respulibkasynyň döredilen gününiň 100 ýyllygyna ýagny 2023-nji ýyly esasy maksat hökmünde yglan eden Erdogan, 2023-nji ýyl üçin esasy 4 maksadyny beýan etdi:
Demokratiýany ýaýbaňlaşdyrmak
Syýasy we jemgyýetçilik utgaşyklygyny ýola goýmak
Jemgyýetiň ýaşaýyş durmuş şertini hasda gowulandrmak
Dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň hataryna goşulmak

Täze Türkiýe garaýşy.
R.T. Erdogan Täze Türkiýe garaýşyny şeýle beýan edýär.
“Täze Türkiýe, döwletiň halky bilen, taryhy bilen we geografiýasy bilen ysynyşýan Türkiýe bolar. Täze Türkiýe ösen we güýçli Türkiýedir. Täze Türkiýe jemgyýetiň ýaşaýyş durmuş şerti has-da gowulandyrlan, ykdysady we syýasy taýdan durnukly, demokratiýa taýdan ösen Türkiýedir. Dünýä döwleti boljak Türkiýäniň her bir raýaty Täze Türkiýäniň raýaty bolmakdan buýsanç duýar.Täze Türkiýe açyk syýasat alyp barjak aç-açan we öňebaryjy Türkiýe bolar. Täze Türkiýe sebitinde we dünýäde parahatçylygyň, adalatyň we durnuklylygyň ýola goýulmagyna hyzmat eder. Täze Türkiýede bilimde, önümçilikde we dolanşykda lider Türkiýe bolar”.

Rejep Taýýip Erdogan kim?
Asly Rizeli bolan R. T. Erdogan 1954-nji ýylyň 26-njy fewralynda Stambulda dogulýar. 1965-nji ýylda Kasympaşa etrabyndaky Piýaly başlangyç klas mekdebini, 1973-nji ýylda Stambul İmam Hatip litseýini tamamlaýar. Erdogan 1981-nji ýylda bolsa Marmara uniwersitetiniň Ykdysat we söwda bilimleri falultetini tamamlaýar.
1969-njy ýyldan 1980-njy ýylyň 12-nji senýabrynda başdan geçirlen agdarlyşyga çenli höwesjeň hökmünde futbol oýnan Erdogan şol döwürde syýasat bilen hem gyzyklanýardy.
Erdogan talyplyk ýyllarynda Milli Türk Talyplar bileleşiginiň işjeň agzalaryndan biri bolýar we 1976-njy ýylda MSP partiýasynyň Beýogly Ýaşlar bölüminiň ýolbaşçylygyna we şol ýyl hem partiýanyň Stambul ýaşlar bölüminiň başlyklygyna saýlanýar.
1980-njy ýyla çenli şol weziperini dowam etdiren Erdogan 12-nji sentýabrda başdan geçirlen agdarlyşykdan soň syýasy partiýalaryň ýapylmagy sebäpli hususy pudakda ýokary derejeli wezipelerde işleýär.
1983-nji ýylda açylan Refah (Bagtyýarlyk) partiýasynyň agzasy bolan Erdogan 1984-nji ýylda partiýanyň Beýorly etrabynyň ýolbaşçysy, 1985-nji ýylda bolsa partiýanyň Stambul welaýatyndan jogapkär başlygy we partiýanyň dolanşyk geňeşiniň agzasy bolýar.
1994-nji ýylyň 27-nji martynda geçirlen saýlawlarda Stambulyň şäher häkimligine saýlanan R. T. Erdogan uly şäheriň özbouşly häkimi bolýar.
Erdogan 1997-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Siirt welaýatynda halka ýüzlenip eden çykyşynda Milli bilim ministrigi tarapyndan mugallymlara maslahat berlen kytapdaky şygyry okandygy üçin azatlykdan mahrum edilýär we Stambulyň şäher häkimi wezipesinden çekilýär.
Erdogan 4 aý tussaglykda ýatýar we tussaghanadan çykandan soň täze partiýa gurmak üçin işe girişýär.
2001-nji ýylyň 14-nji awgustynda ýoldaşlary bilen birlikde Adalat we ösüş partiýasyny gurýar we partiýanyň esaslandyryjylary tarapyndan partiýanyň başlyklygyna saýlanýar.
Adalat we ösüş partiýasy 2002-nji ýylda geçirlen halk deputatlary saýlawynda sesleriň 2/3 göterimini alyp öz başyna hökümet gurmagy başarýar.
2002-nji ýylyň 3-nji noýabrynda geçirlen saýlawda kanuny gadagançylyk sebäpli halk deputatlygyna dalaşgär bolup bilmedik Erdogan, kanuny üýtgetmeleriň kabul edilmeginden soň 2003-nji ýylyň 9-njy martynda Siirtden halk deputatlygyna saýlanýar.
2003-nji ýylyň 15-nji martynda hem Türkiýe Respublikasynyň Premýer ministri wezipesini öz üstüne alan Erdogan şol günden bäri ýurduň içerki we daşary syýasatynda uly öňe gidişlikler etdi.
R. T. Erdogan maşgalaly we 4 çaganyň atasy.


Ekmeleddin İhsanogly

Ekmeleddin İhsanogly

Saýlaw Jarnamasy
Prezidentlige dalaşgärler Ekmeleddin İhsanoglynyň saýlaw jarnamasy şeýle:
“İçerki we daşary syýasatda başdan geçirilýän kynçylyklary iki taraply sylag-hormada laýyklykda Mejlisiň agzalarynyň hyzmatdaşlygynda çözmek
Alewi, sünni, kürt, türk, dindar, dünýewi ýaly ähli garaýyşlara garşy jebisligi we bitewiligi goramak.
Respubikanyň we demokratiýanyň gymmatlyklary, hukugyň üstünligi, kaziýetiň garaşsyzlygy we bitaraplygy, ähli hak-hukuklaryň we azatlyklaryň goralmagy meselesinde garşysynda kimiň bardygynyna garamazdan bitarap syýasat alyp barmak.
Kreditleriň we kredit kartoçkalarynyň bergileriniň geçilmegi üçin mejlisde wekilçilik edýän partiýalara hyzmatdaşlyk çagyrşyny bermek”..

 

Ekmeleddin İhsanogly kim?

1943-nji ýylyň 26-njy dekabrynda Kairde dogulýar. Müsürde Hidiwiýe litseýini tamamlandan soň Aýn Şems uniwersitetiniň tebigat bilimleri fakultetinde bilim alýar.
1970-njy ýylda Türkiýä gelýä we Ankara uniwesitetinde işe başlaýar.
1972-nji ýylda dermanhana işgäri Füsün Bilgiç bilen durmuş gurýar we 3 çaganyň atasy.
1974-nji ýylda Ankara uniwersitetiniň tebigat bilimleri fakultetinde doktorlyk dissertatsiýasyny gorandan soň Britaniýanyň Exeter uniwersitetinde işe başlaýar.
1980-njy ýylda Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň goldaw bermeginde Stambulda açylan Yslam taryh, sungat we medeniýet ylmy barlag merkeziniň başlyklygyna bellenýär.
1984-nji ýylda Stambul uniwersitetiniiň Tebigat bilimleri fakultetinden professor boldy.
İhsanogly 2004-2014-nji ýyllaryň arasynda Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary wezipesini ýerine ýetirdi.

Selahattin Demirtaş 

Selahattin Demirtaş

Saýlaw jarnamasy
Prezidentlige dalaşgär Selahattin Demirtaşyň saýlaw jarnamasy bolsa inha şeýle:
“Döwlete däl eýsem raýata uly ähmiýet berýän ulgamy maksat edinýär. Döwlet gözegçiligi däl eýsem Halk gözegçilik geňeşi bolar. Kürt meselesiniň çözülmegi etaby, Türkiýäniň demokratiýalaşma etaby bilen şol bir wagtda alnyp barylar. Ene dilde ybadat etmek hukugy berilmeli. Her bir adamyň sosial durmuşyny erkin ýagdaýda ýaşamagy üçin mümkinçilik döredilmeli”.

Selahattin Demirtaş kim?
Selahattin Demirtaş 1973-nji ýylyň 10-njy aprelinde Elazyg welaýatynyň Palu etrabynda dogulýar.
Maşgalaly we iki çaganyň atasy. Demirtaş Ankara uniwersitetiniň Hukuk fakultetini tamamlandan soň birnäçe wagt aklawçy bolup işleýär. Demirtaş Adam hukuklary jemgyýetiniň Diýarbakyrdan jogapkär ýolbaşçysy wezipesini ýerine ýetirýär.
Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň 23-nji döwür Diýarbakyr halk deputaty we 2010-njy ýylyň 1-nji fewralyndan başlap Parahatçylyk we Demokratiýa partiýasynyň egindeş baştutany wezipesini ýerine ýetirdi.
2011-nji ýylyň 12-nji iýunynda geçirlen Mejlisiň 24-nji döwür halk deputatlygy saýlawynda Hakkariden garaşsyz dalaşgär boldy we ýaňadandan halk deputatlygyna saýlandy.
2014-nji ýylyň 22-nji iýunyndan bäri Halklaryň demokratiýasy partiýasynyň egindeş başlygy hökmünde syýasy durmuşyny dowam etdirýän Demirtaş şol partiýa tarapyndan hem prezidentlige dalaşgärlige hödürlendi.

 

 



Etiketkalar:

Degişli Habarlar