Milli Howpsuzlyk Geňeşi Prezident Erdoganyň Ýolbaşçylyk Etmeginde Maslahat Geçirdi

Milli howpsuzlyk geneşi terror guramalaryny goldaýan ähli taraplaryň terror bilen arabaglanşyklaryny durnukly we dessine kesmeginiň ähmiýetine ünsleri çekdi.

2125002
Milli Howpsuzlyk Geňeşi Prezident Erdoganyň Ýolbaşçylyk Etmeginde Maslahat Geçirdi

Prezident R.T.Erdoganyn ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen MHG-niň maslahatyndan soň beýannama çap edildi.

Beýannamada sebitiň geljeginde terror guramasyna we onuň ýaranlaryna hiç bir şertde orun berilmejekdigi nygtalyp; “terrur guramasy PKK/KJK-ÝPG/ÝPG-niň Ýewropada ýaşaýan raýatlarymyzy we wekilhanalarymyzy nyşana alýan hüjümleri bilen ýakyndan gyzyklanylýandygyny nygtaldy. Terror guramalaryny goldaýan ähli taraplaryň terror bilen arabaglanşyklaryny durnukly we dessine kesmeginiň ähmiýetine üns çekildi” diýilýär.

Jarnamada halkara jemgyýetçiligine Ysraýylyň Gazanyň halkyna we ynsanperwer kömek guramalaryna 7-nji oktýabrdan bäri dowam edýän hüjümleriniň bes edilmegi hem-de durnukly parahatçylygyň ýola goýulmagy ugrundaky tagallalara goldaw üçin çagyryş edilýändigini nygtaldy.



Degişli Habarlar