Milli Howpsuzlyk gullugy Yrakda möhüm operasiýa geçirdi

Türkiyäniň Milli howpsuzlyk gullugy terror guramasy PKK/KJK-nyň jogapkär ýolbaşçylarynyň biri bolan Rojda Bileni Yragyň Süleýmaniýe şäherinde täsirsiz ýagdaýa getirdi

2117401
Milli Howpsuzlyk gullugy Yrakda möhüm operasiýa geçirdi

Milli howpsuzlyk gullugynyň razwedka tory arkaly Rojda Bileniň Yragyň Süleýmaniýe şäheriniň obalyk ýerinde, Eýran serhedindäki Penjewin diýilýän ýerde iş alyp barýandygyny anyklady. 

Rojda Bileniň ýeriniň anyklanmagyndan soň operasiýa geçirilmek üçin işe girişildi. 

Operasiýa geçirilmek barada karara gelineninden gysga wagt soň Rojda Bilen, operasiýa bilen Yragyň Süleýmaniýe şäheriniň obalyk ýerinde täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Rojda Bilen PKK/KJK-nyň ýaşlar şahasynyň içinde möhüm wezipe eýeleýärdi. 



Degişli Habarlar