Prezident R.T.Erdogan Ukraina-Günorta-gündogar Ýewropa Sammitine Ýüzlenme Ugratdy

Erdogan Russiýa-Ukraina söweşi boýunça gepleşikleriň Stambulda geçirilmegini teklip etdi.

2108858
Prezident R.T.Erdogan Ukraina-Günorta-gündogar Ýewropa Sammitine Ýüzlenme Ugratdy

Prezident R.T.Erdogan 2-nji ýylyny dolduran Russiýa-Ukraina söweşi hakynda “Biz parahatçylygyň dikeldilmegi üçin ozal Stambulda geçiren gepleşigimizi dowam etdirmäge taýýar” diýdi.

Prezident Erdogan Ukraina-Günorta-gündogar Ýewropa sammitine ugradan wideo ýüzlenmesinde Türkiýäniň Ukrainanyň garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna, howpsuzlygyna we territorial bitewiligine berýan goldawyny ýatladyp, Krym tatarlarynyň hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagy üçin hem degişli tagallany edendigini nygtady. Erdogan söweşiň adalatly we durnukly parahatçylyk bilen bes edilmegi üçin diplomatiýa we dialoga şans berilmelidigi hakyndaky garaýyşynyň dowam edýändigini nygtap; “Biz parahatçylygyň dikeldilmegi üçin ozal Stambulda geçirilen gepleşikleriň dowam etdirilmegine taýýar. Pursatdan peýdalanyp Balkanlarda, Günorta-gündogar Ýewropa ýurtlarynyň hyzmatdaşlyk tapgyry bilen ýüze çykan arkalaşyk ruhunyň ýakyn sebitimizde-de ýaýbaňlanmagyny arzuw edýärin” diýdi.

Erdogan sammiti guraýan Albaniýanyň Premýer-ministri Edi Ramanyň başda durmagynda sammitiň geçirilmegine goldaw berenleri gutlady.



Degişli Habarlar