Milli Howpsuzlyk gullugy Siriýada möhüm operasiýa geçirdi

Terrorçy Murat Ateş, guramanyň bikanun pul hereketini dolandyran terrorçylaryň hataryndady

2105958
Milli Howpsuzlyk gullugy Siriýada möhüm operasiýa geçirdi

Türkiyäniň Milli Howpsuzlyk gullugy ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-niň jogapkär ýolbaşçylaryndan biri bolan Murat Ateşi Siriýanyň Kamyşly şäherinde geçiren operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirdi. 

Howpsuzlyk çeşmelerinden alynan maglumata görä, Milli Howpsuzlyk gullugy tarapyndan bellenen ýörite toparyň eýýäm ençeme wagt bäri gözegçiliginde bolan terrorçy "Renas Amed" adyny ulanýan Murat Ateşiň täsirsiz ýagdaýa getirilmegi üçin takyk işler geçirildi. 

Terrorçy Murat Ateş Siriýanyň Kamyşly şäherinde geçirilen operasiýa bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Ekstremist terror guramasy PKK-nyň düzümine 2014-nji ýylda Ýewropadan goşulan terrorçy Murat Ateş, 2014-2016-njy ýyllar aralygynda Yragyň Kandil, Awaşin we Gara sebitleri bilen Siriýada ýaragly aksiýalar geçiripdi. 

Terrorçy Murat Ateş, guramanyň bikanun pul hereketini dolandyran terrorçylaryň hataryndady. 



Degişli Habarlar