Milli Goranmak Ministri Güler Brýussele Gitdi
Ýaşar Güler NATO agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň derecesindäki maslahatyna gatnaşar
2102502
Milli goranmak ministri Ýaşar Güler NATO agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň derecesindäki maslahatyna gatnaşmak üçin Belgiýanyň paýtagty Brýussele gitdi.
Ministrlikden berilen beýannamada Prezident R.T.Erdoganyň Birleşen Arap Emirliklerine we Müsüre guran saparlaryna gatnaşan Güleriň, Müsür saparyndan soň Brýussele gidendigi mälim edildi.
Beýannamada Güleriň NATO agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň derecesinde geçirilcek maslahata gatnaşcakdygy we käbir kärdeşleri bilen ikiçäk duşuşyklar geçircekdigi habar berilýär.
Degişli Habarlar
Ýene-de 5 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä terrora garşy egilşiksiz göreş dowam eder