“Yragyň we Türkiýäniň Howpsuzlygy Biri-Biri Bilen Arabaglanşykly

Yragyň Premýer-ministri As-Sudani,ýurdunda saparda bolýan Milli Goranmak ministri Ýaşar Güleri kabul etdi.

2098703
“Yragyň we Türkiýäniň Howpsuzlygy Biri-Biri Bilen Arabaglanşykly

Yragyň Premýer-ministri Muhammed Şiýa Sabbas Hatim As-Sudani, Türkiýe bilen ýurdunyň howpsuzlygynyň biri-biri bilen arabaglanşyklydygyny aýtdy.

As Sudany, ýurdunda saparda bolýan Milli Goranmak ministri Ýaşar Güleri kabul etdi.

Yragyň Premýer-ministrliginden berlen beýannamada,  duşuşykda iki goňşy ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar we iki ýurduň howpsuzlygynyň we durnuklylygynyň goralyp saklanmagy üçin ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegi meselesiniň ara alnyp maslahatlaşylandygy nygtaldy.

“Yragyň we Türkiýäniň howpsuzlygy, goňşy ýurtlaryň howpsuzlygy ýaly, biri-biri bilen arabaglanşykly” diýen Premýer-ministri Sudaniniň iki ýurduň howpsuzlygynyň we durnuklylygynyň goralyp saklanmagy üçin guralýan saparlaryň möhümdigine ünsi çekendigi bellenildi.

Yragyň Prezidenti Abdullatif Muhammed Jemal Reşid tarapyndan hem kabul edilen Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler, soň bolsa Içeri işler ministri Abdulemir Kamil Şammari bilen duşuşdy.

Resmi sapar bilen düýn Bagdada giden ministr Ýaşar Güler, Kamil Şammari bilen özara gatnaşyklar we sebitara howpsuzlyk we durnuklylyk hakynda pikir alyşdy.

Milli Goranmak ministri Ýaşar Güleriň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet Bagdatda geçiren duşuşyklaryndan soň Erbile geçdi.

 



Degişli Habarlar