Stambulda kazyýet binasyna garşy guraljak terrorçylykly hüjümiň öňi alyndy

Stambulda Çaglaýan kazyýet binasynyň öňündäki gözegçilik nokadyna garşy guralmaga synanyşylan terrorçylykly hüjümde 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

2098522
Stambulda kazyýet binasyna garşy guraljak terrorçylykly hüjümiň öňi alyndy

Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Türkiyäniň wagty bilens agat 11:46-da Stambul Çaglaýan kazyýet binasynyň öňündäki gözegçilik nokadyna garşy guralmaga synanyşylan hüjüm barada maglumat berdi. 

DHKP/J agzasy bolan 1-i zenan jemi 2 terrorçynyň öli ýagdaýda ele salynandygyny aýdan Ali Ýerlikaýa: "Hüjümde 3-si polisiýa işgäri bolan jemi 5 adam ýaralandy. Gahryman polisiýa işgärlerimizi gutlaýaryn. Ýaralanan adamlaryň tiz wagtda sagalmaklaryny dileýärin" diýip belledi. 

Waka bilen bagly Respublikan Baş prokuraturasy derňew işini başlatdy. 



Degişli Habarlar