“Asyryň Betbagtçylygynyň Hötdesinden Asyryň Arkalaşygy Bilen Gelindi”

Prezident Erdogan, Kahramanmaraşda ýykylan öýleriň ýerine gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň gowşurlyş dabarasyna gatnaşdy.

2098506
“Asyryň Betbagtçylygynyň Hötdesinden Asyryň Arkalaşygy Bilen Gelindi”

Prezident R. T. Erdogan, 2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda bolan asyryň betbagtçylygynyň hötdesinden asyryň arkalaşygy bilen gelinendigini aýtdy.

Prezident Erdogan, Kahramanmaraşda ýykylan öýleriň ýerine gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň gowşurlyş dabarasyna gatnaşdy.

2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremeleriniň ululygy we şol sebitiň ilatynyň köplügi sebäpli adamzat taryhynyň iň uly betbagtçylyklaryndan biri hökmünde bellige alynandygyny aýdan Erdogan, “Milletleriň millet bolmagynyň esasy özboluşlygyndan biri hem begenjini we gynanjyny ýek-ýürek we ýek-ýumruk bolup paýlaşmakdyr” diýdi.

Prezident Erdogan, “Hudaýa şükür milletimiz, 6-njy fewralda bolan ýer titremelerinde bu synagdan üstünlikli ýagdaýda geçdi. Asyryň betbagtçylygynyň hötdesinden asyryň arkalaşygy bilen gelindi. Biziň ýaly14 milliona golaý adama ýaramaz täsirini ýetiren, 11 şäherimiziň 124 etrabyndaky 6 müň etrapçada we obada uly ýykylşyga sebäp bolan şeýle uly betbagtçylygyň hötdesinden gelip biljek gaty az ýurt we jemgyýet bardyry” diýdi.

Dünýäniň ösen ýurtlarynyň hem şuňa meňzeş betbagtçylyklaryň hötdesinden gelmek üçin birnäçe ýyl göreşýändigini aýdan Erdogan, “Biz ýer titremeleriniň 1-nji ýylynda harabalyklary ortadan aýyryp, şäherleriň gaýtadan dikeldilmegi, halkyň gündelik durmuşynyň kadalaşmagy taýdan uly sepgide ýetdik” diýip belledi.

Ýer titremeleriniň başdan geçirlen ýerlerinde gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň bije çekilşik arkaly eýelerine gowşurylýandygyny aýdan Erdogan “Üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli 200 müň ýaşaýyş jaýyny eýelerine gowşurmagy, yzy ýanyndan şol sany gysga wagtda 390 müňe ýetirmegi maksat edinýäris” diýdi.



Degişli Habarlar