“Türkiýe, Ýakyn Gündogar Meselesinde Töwellaçylyk Etmäge Taýar”

Erdogan, Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýannama berdi.

2048540
“Türkiýe, Ýakyn Gündogar Meselesinde Töwellaçylyk Etmäge Taýar”

Prezident R. T. Erdogan, Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda beýannama berdi.

Ýakyn Gündogarda başdan geçirilýän dartgynlyk barada durup geçen Erdogan, “Türkiýe hökmünde taraplar isleg bildiren halatynda ýesir çalşygy bilen birlikde dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin töwellaçylyk etmäge taýardygymyzy nygtamak isleýärin” diýdi.

“1967-nji ýyldaky serhetlere laýyklykda, paýtagt İýerusalim bolan, garaşsyz we özbaşdak Palestina döwleti gurulmazdan sebitde parahatçylyk ýola goýlup bilinmez” diýip duýduryş beren Erdogan, “Biz ne Ysraýylda ne-de Palestina asuda ilatyň ýogalmagyny islemeýäris” diýip belledi.

Prezident Erdogan, “Gazanyň howa we gury ýer hüjümleri bilen ýer bilen ýegsan edilmegi, metjitleriň bombalanmagy, çagalar, zenanlar we ýaşulylar bilen birlikde asuda ilatyň ýogalmagy asla kabul edilmez. Türkiýe hökmünde taraplar isleg bildiren halatynda ýesir çalşygy bilen birlikde dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin töwellaçylyk etmäge taýardygymyzy nygtamak isleýärin. Ysraýyldan Palstina guraýan hüjmlerini, palestinalylardan hem Ysraýyla guraýan hüjümlerini bes etmegini isleýäris. Gaza ynsanperwer kömegini bermek üçin hem degişli taýarlyklary görýäris” diýdi.

Hamasyň harby topary Kassam, şenbe güni ysraýyla garşy “Aksa tupany” ady bilen giň gerimli hüjüm başladypdy.

Gazadan Ysraýyla müňlerçe raketa atyldy we ýaragly toparlar hem ilatly ýerlere girdi.

Ysraýylyň harby goşuny hem harby uçarlar bilen Gaza sektoryna garşy “Demir Gylyçlar” operasiýasyny başladandygyny mälim edipdi.

Dartgynlyk sebäpli iki tarapda hem ýüzlerçe adam ýogaldy.



Degişli Habarlar