Yragyň Demirgazygynda Bir Esger Şehit Boldy

Yragyň demirgazygynda geçirilýän “Penje-Gulp” operasiýa zolagynda terrorçylar tarapyndan od açylmagy sebäpli ýaralanan pyýada hünärmen seržat Rejep Parlak şehit boldy.

2047019
Yragyň Demirgazygynda Bir Esger Şehit Boldy

Milli goranmak ministrliginden berilen beýannamada Parlagyň “Penje-Gulp” operasiýa zolagynda 2023-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda terrorçylar tarapyndan od açylmagy netijesinde ýaralanyp, hassahana getirilendigi nygtalyp; “Gahryman egindeşimiz pyýada hünärmen seržant Rejep Parlak bejergi alýan hassahanasynda 5-nji oktýabrda şehit boldy. Bizi çuňňur gynandyran wakada dünýeden öten eziz şehidimize Alladan rehnet, gussaly hossarlaryna, Türk ýaragly güýçleri bilen asylzada milletimize duýgudaşlyk bildirýäris” diýilýär.

Milli goranmak ministri Ýaşar Güler hem şehit Parlak üçin duýgudaşlyk ýüzlenmesini çap etdi.



Degişli Habarlar