Içeri işler ministri Diýarbakyrda 5 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini aýtdy

Terrorçylaryň galýan ýerlerinde partlaýjy maddalar we ýaraglar ele salyndy

2034715
Içeri işler ministri Diýarbakyrda 5 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini aýtdy

Türkiyäniň Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa Diýarbakyrda geçirilen operasiýada bombaly hüjüm guramak üçin taýarlyk görendikleri anyklanan 5 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi. 

Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa sosial media hasabyndan beren beýanatyna görä Içeri işler edarasynyň baş müdürliginiň koordinasiýasynda geçirilen operasiýanyň çäginde, Diýarbakyrda tussag edilen 5 terrorçynyň, ekstremist terror guramasynyň adyndan kurýerlik edendikleri we bombaly hüjüm guramak üçin taýarlyk görendikleri anyklandy. 

Terrorçylaryň galýan ýerlerinde partlaýjy maddalar we ýaraglar ele salyndy. 

Ministr Ali Ýerlikaýa operasiýany geçiren topary gutlap: "Adamzatdan sähelçe paýy bolmadyk dönüklere hiç wagt rehim etmeris. Terror ýok bolýança çenli göreşimiz dowam eder" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar