1 Hepde-de 44 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Terrora garşy alnyp barylýan göreş hakynda maglumat berildi.

2031530
1 Hepde-de 44 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berlen beýannamada, terrora garşy alnyp barylýan göreş hakynda maglumat berildi.

Beýannama görä, soňky 1 hepde-de 44 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 1 ýylda täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sany 1146, 2015-nji ýyldan bäri täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sany bolsa 38 müň 489-a ýetdi.

Yragyň demirgazygynda “Penje Gulp” operasiýasy zolagynda bolsa şu günki güne çenli 600 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 1336 ýarag, 667 müň ok-däri ele geçirildi, 640 gowak bilen gaçybatalga hatardan çykaryldy.

Beýleki tarapdan Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa, geçirlen gepleşikler netijesinde ekstremist terror guramasy PKK-nyň hataryndan gaçan 4 terrorçynyň howpsuzlyk güýçlerine boýun egendigini mälim etdi.

Ministr Ýerlilaýa, soňky 90 günde boýun egen terrorçylaryň sanynyň 38-e ýetendigini ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar