Hakan Fidan Yragyň PKK-ny terror guramasy hökmünde ykrar etmegine garaşýandyklaryny aýtdy

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan Yrakdan dostluk we doganlyk esasynda PKK-ny resmi ýagdaýda terror guramasy hökmünde ykrar etmegine garaşýandyklaryny habar berdi

2028179
Hakan Fidan Yragyň PKK-ny terror guramasy hökmünde ykrar etmegine garaşýandyklaryny aýtdy

Daşary işler ministri Hakan Fidan Yragyň Daşary işler ministri Fuad Hüseýin bilen Yragyň paýtagty Bagdat şäherinde Daşary işler ministrliginde geçiren duşuşygyndan soň bolan metbugat ýygnagynda beýannama berdi. 

Yrakly kärdeşi bilen geçiren duşuşygynda köptaraplaýyn meseleleri ele alandyklaryny aýdan Prezident Erdogan, olaryň başynda bolsa terrora garşy göreşiň gelýändigini habar berdi. 

PKK-nyň Sinjar, Mahmur, Kandil we Süleýmaniýe bilen birlikde Yraka degişli köp sanda ýaşaýyş zolagyny basyp alandygyna ünsleri çeken Hakan Fidan, terror guramasynyň Siriýa bilen Yragyň arasyndaky serhetleri ýok hasap edip, guran terror koridory bilen şol iki sebiti birleşdirmäge synanyşýandygyny mälim etdi. 

Ministr Hakan Fidan Türkiyäniň terrora garşy göreşde Yrak bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýardygyny belläp: "Imperiýal güýçleriň oýnatgysy ýagdaýyna öwrülen PKK-a garşy yrakly doganlarymyzyň göreşini ähli taraplaýyn goldaýarys. Şeýle hem Yrakdan dostluk we doganlyk esasynda PKK-ny resmi ýagdaýda terror guramasy hökmünde ykrar etmegine garaşýarys" diýip nygtady. 


Etiketkalar: #PKK , #Yrak , #Hakan Fidan

Degişli Habarlar