Bingöl welaýatynda PKK-a agyr zarba salyndy

Bingöl welaýatynda geçirilen operasiýada ýylyň iň köp mukdardaky neşe serişdesi ele salyndy we ekstremist terror guramasy PKK-nyň 36,4 milliard lira girdeji almagynyň öňi alyndy

2023998
Bingöl welaýatynda PKK-a agyr zarba salyndy

Türkiyäniň Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa sosial mediadan beren beýanatynda: "Bingöl welaýatynda geçirilen operasiýada PKK-nyň 36,4 milliard lira girdeji almagynyň öňi alyndy" diýip habar berdi. 

Ali Ýerlikaýa: "Howpsuzlyk güýçleriniň Genç etrabynyň obalyk ýerinde geçiren we 2023-nji ýylyň iň ýokary görkezijili operasiýanyň netijesinde 73 kg kenep tozany, 315 kg otly kenep bilen 14 million 654 müň 192 düýp kenep ele salyndy. Operasiýany geçiren Žandarma güýçlerimizi gutlaýarys. Neşe serişdelerine garşy göreşimiz tutanýerlilik bilen dowam eder" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar