60 Günde 172 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

“Soňky 60 günde PKK, FETÖ, DEAŞ ýaly terror guramalaryna garşy göreşiň çäginde jemi 29 müň 32 operasiýa geçirildi"

2020625
60 Günde 172 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa soňky 60 günde 172 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini aýtdy.

Ministr Ýerlikaýa, Manisada beren beýannamasynda, terrora garşy alnyp barylýan göreş hakynda maglumat berdi.

Terrora garşy egilşiksiz göreşiň soňky terrorçy ýok edilýänçä dowam etjekdigine ünsi çeken Ýerlikaýa, 62 gün ozal Içer işler ministri wezipesine başlandygyny nygtap, “Soňky 60 günde PKK, FETÖ, DEAŞ ýaly terror guramalaryna garşy göreşiň çäginde jemi 29 müň 32 operasiýa geçirildi. Şol operasiýalarda 172 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi, 540-y tussag edildi” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar