Bir Hepde-de 50 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Milli jebislige we bitewilige wehim salýan ähli howplara garşy egilşiksiz göreş dowam edýär

2019824
Bir Hepde-de 50 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Yragyň we Siriýanyň demirgazygy bilen birlikde soňky 1 hepde-de 50 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Milli Goranmak ministrliginden terrora garşy alnyp barylýan göreş hakynda berlen beýannamada, Türk ýaragly güýçleriniň Yragyň we Siriýanyň demirgazygy bilen birlikde soňky 1 hepde-de 50 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirilendigi nygtaldy.

Beýannamada, terrora garşy alnyp barylýan operasiýalada, 1-nji ýanwardan bäri 942, 2015-nji ýylyň 24-nji iýulyndan bäri bolsa 38 müň 285 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi bellenildi.

Beýannamada, Türk ýaragly güýçleriň, terror guramalarynyň başda durmagynda milli jebislige we bitewilige wehim salýan ähli howplara garşy göreşiniň egilşiksiz dowam edýändigi ýatladyldy.



Degişli Habarlar