Çal Sanawda Gözlenýän Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

PKK agza “Ardem Ararat” lakamly terrorçy Sultan Oruç täsirsiz ýagdaýa getirildi

2018922
Çal Sanawda Gözlenýän Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa, çal sanawda gözlenýän terror guramasy PKK agza “Ardem Ararat” lakamly terrorçy Sultan Orujuň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini habar berdi.

Ministr Ýerlikaýa, sosial mediadan beren habarnamasynda ýakyndan yzarlanan terrorçynyň Bitlisiň Hizan etrapçasynda täsirsiz ýagdaýa getirlendigini nygtady.

Çal sanawda gözlenýän terror guramasy PKK agza “Ardem Ararat” lakamly terrorçy Sultan Orujuň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini aýdan Ýerlikaýa “Täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçynyň 4 esgeriň şehit bolmagyna, 2 esgeriň hem ýaralanmagyna sebäp bolan hüjümine gatnaşandygy anyklandy” diýdi.

Ministr Ýerlikaýa “Şehitlerimiziň ganynyň ýerde galmazlygy üçin soňky terrorçy ýok edilýänçä göreşimiz dowam eder” diýip belledi.

 



Degişli Habarlar