Türkiýe Bilen Ençeme Ugurda Möhüm Taslamalary Iş Ýüzüne Geçirýäris

“Heniz iş ýüzüne geçmedik uly potensial bar”

2000744
Türkiýe Bilen Ençeme Ugurda Möhüm Taslamalary Iş Ýüzüne Geçirýäris

 

Russiýanyň Prezidentiniň Kömekçisi Maksim Oreşkin Türkiýe bilen ençeme ugurda möhüm taslamalary we işleri alyp barýandyklaryny beýan edip; “Heniz iş ýüzüne geçmedik uly potensial bar” diýdi.

Russiýanyň ozalky Ykdysady galkynyş ministri Oreşkin Peterburgda geçirilýän Halkara ykdysadyýet forumynyň çäginde “Anadoly” habarlar gullugynyň soraglaryna jogap berdi.

Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda möhüm işleriň alynyp barylýandygyny beýan eden Oreşkin; “Ençeme ugurda uly işler alynyp barylýar. Bu ugurlar bolsa hemmeler tarapyndan bilinýär. Mysal üçin ýadro energiýa, özara söwda we şuňa meňzeş ugurda depginli işlerimiz dowam edýär” diýdi.

Oreşkin Türkiýe bilen Russiýanyň “üns çekiji” köp sanly taslamany bilelikde dowam etdirýändigine ünsi çekip; “Şuny anyk aýdasym gelýär, hyzmatdaşlygymyzda bar bolan potensialyň 50 göterimini hem iş ýüzüne geçirmedik” diýdi.

Maksim Oreşkin iki ýurduň etjek başlangyçlarynyň dowam etmegine garaşýandyklaryny beýan edip; “Şol sebäpli Russiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar bar bolan ähli şertleriň iş ýüzüne geçmegini üpjün etmek üçin edilmeli köp iş bar. Biz onuň hötdesinden gelmäge çalyşýarys. Putin hem Prezident Erdogan hem bu ugurda ygtyýarly. Ýygy-ýygydan giňişleýin gepleşikler geçirýärler. Bulary ara alyp maslahatlaşýarlar. Gelejek bilen bagly we heniz iş ýüzüne geçmedik uly potensial bar” diýdi.



Degişli Habarlar