THÝ, Üç Ýyl Soň Owganystana Uçar Saparyna Başlady

THÝ-niň Stambul-Kabul uçar saparlary hepde-de 4 gün sişenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günleri amala aşyrlar.

2142289
THÝ, Üç Ýyl Soň Owganystana Uçar Saparyna Başlady

Türk howa ýollary, Owtanystana 2021-nji ýylyň agwust aýyndaky hökümet çalşygy sebäpli berlen arakesmeden soň gaýtadan uçar saparlaryna başlady.

3 ýyl soň uçan THÝ-niň ilkinji uçary Halkara Kabul howa menziline gondy.

Uçar, Türkiýäniň Kabuldaky ilçihanasynyň ýolbaşçylary, Türkiýäniň Owganystandaky guramalarynyň wekilleri we Owganystanyň wagtlaýyn hökümetiniň ýolbaşçylary tarapyndan garşylandy.

THÝ-niň Stambul-Kabul uçar saparlary hepde-de 4 gün sişenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günleri amala aşyrlar.

Owganystanda hökümet çalşygy etabynda başdan geçirlen wakalar sebäpli birnäçe howa ýoly firmasy ýaly THÝ hem 2021-nji ýylyň 15-nji awgustynda Owganystana guraýan uçar saparlaryny bes edipdi.

 



Degişli Habarlar