Wengriýa Bilen Türkiýäniň Arasyndaky Hyzmatdaşlyk Gün Saýyn Ösýär

Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministri Piter Siýarto Ankarada saparda bolýar

1982320
Wengriýa Bilen Türkiýäniň Arasyndaky Hyzmatdaşlyk Gün Saýyn Ösýär

Senagat we tehnalogiýa ministri Mustafa Warank, Türkiýäniň maýa goýum taýdan amatly merkeze öwrülendigini aýtdy.

Ministr Warank, paýtagt Ankarada saparda bolýan Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministri Piter Siýarto bilen Wengriýanyň Türkiýede lukmançylyk pudagyna goýan ilkinji maýa goýumy bolan Medikor maýa goýum taslamasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Wengriýa bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda mukdarynyň artandygyny nygtan Warank, “Wengriýanyň hökümeti bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýäris. 2002-nji ýylda 356 million dollara barabar bolan söwda mukdarymyzy 10 esse artydyryp 3,5 milliard dollara ýetirdik. Özara söwda mukdaryny 6 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýäris” diýdi.

Türkiýäniň maýa goýum taýdan amatly merkez bolandygyna ünsi çeken Warank, 21 ýylda daşary ýurtly maýadarlaryň  250 milliard dollarlyk maýa goýandygyny ýatlatdy.

Senagat we tehnalogiýa ministri Mustafa Warank “Medikor maýa goýum taslamasynyň çäginde firmanyň Türkiýede öndüren lukmançylyk enjamlarynyň bir bölegi Orta Aziýa, Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlaryna hem eksport ediler” diýdi.

Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministri Piter Siýarto hem ýurdunyň lukmançylyk enjamlary önümçiliginde dünýäniň tanymal ýurtlaryndan biridigini belledi.

 

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar