1490 Adamy Sudandan Çykardyk

Mewlüt Çawuşoglu, 1380 türk raýatynyň we 13 ýurtdan 110 adamyň ewakuasiýa edilendigini aýtdy

1978935
1490 Adamy Sudandan Çykardyk

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, Sudandaky çaknyşyklar sebäpli şol ýurtdaky 1380 türk raýatynyň we 13 ýurtdan 110 adamyň ewakuasiýa edilendigini aýtdy.

Çawuşogly düýn beren beýannamasynda, Sudanky geçiş etabynyň uzak wagt dowam edendigini, şol sebäpli hem dartgynlygyň dowam edýändigini belledi.

Mewlüt Çawuşoglu Türkiýäniň Sudandaky etap bilen ýakyndan gyzyklanandygyny belledi.

Häkimiýetiň başynda kimiň bardygyna garamazdan Türkiýäniň hemişe Sudan bilen ýakyndan aragatnaşyk saklandygyny aýdan Çawuşoglu, ýurtda çaknyşyklaryň başlamagyndan soň Prezident Erdoganyň Sudanyň Özygtyýarlyk geňeşiniň başlygy we harby goşunyň serkerdesi goşun generaly Abdulfetah Al Burhan we HDK güýçleriniň serkerdesi Muhammed Hamdan Dagalu bilen aýry aýry telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini belledi.

Sudanda birnäçe gezek çaknyşyklaryň bes edilmegi boýunça ylalaşyk gazanylandygyna garamazdan çaknyşykalryň dowam edýändigini we şäheriň içinde köçe çaknyşyklarynyň başlandygyny ýatladan Çawuşoglu, çaknyşyklar sebäpli türk raýaty Kubilaý Dadügiň 2 ýaşyndaky gyzy Elifiň ýogalandygyny ýatlatdy.

Sudanyň Daşary işler ministriniň wekili Ali As Sadyk bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýandyklaryny aýdan Çawuşoglu, Türkiýäniň ewakuasiýa meselesinde marka öwrülendigini, birnäçe ýurduň Sudandaky raýatlarynyň göçürilmegi üçin Ankaradan kömek sorandygyny we häzire çenli 1380 türk raýaty bilen 13 ýurtdan 110 adamyň ewakuasiýa edilendigini aýtdy.

 



Degişli Habarlar