Netanýahu Her Damja Ganyň Hasabyny Berer

Prezident R.T.Erdogan Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahunyň we Gazada genoside şärik bolanlaryň döken her damja ganlarynyň hasabyny berjekdigini aýtdy.

2139962
Netanýahu Her Damja Ganyň Hasabyny Berer

Prezident Erdogan Adalat we ösüş partiýasynyň Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisindäki toparynyň maslahatynda çykyş etdi.

Ysraýylyň Gazada 7 aýdan bäri dowam edýän genosidine ýene-de bir gezek reaksiýa bildiren Prezident Erdogan; “Netanýahu we genoside şärik bolanlar döken her damja ganlarynyň hasabyny bererler. Biz hem ganhorlaryň hukuga hasap bermegi üçin ýeňsesinde bolaryş. Siz Ysraýylyň Gazada durjakdygyny pikir etmäň. Bu azan döwlet, bu terror döwleti togtadylmasa, wada berilen ýerler hyýaly bilen gözüni iru-giç Anadola diker” diýdi.

Erdogan hem öz territoriýalarynyň garaşsyzlygy üçin söweşýän hem-de Anadolyny goran Palestinanyň söweşjeň hereketi Hamasy goldamaga dowam etjekdiklerini aýtdy.

Ysraýylyň gara propogandasyna hem reaksiýa bildiren Erdogan; “Sionist ganhorlaryň we olaryň oýnatgylarynyň bizi nyşana almagy gorkuly däl, döşümizde buýsanç bilen göteriljek abraý medalydyr” diýdi.



Degişli Habarlar