Wan welaýatynda PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiyäniň Wan welaýatynyň Erjiş etrabynda ýüze çykan çaknyşykda 1-i terrordan gözlenýänleriň sanawynda gök kategoriýada bolan PKK-a agza jemi 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1975548
Wan welaýatynda PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Wan welaýatynyň Erjiş etrabynyň Ýankytepe obasynyň golaýynda uçarmansyz howa ulaglary bilen geçirilen gözleg we anyklaýyş işleriniň netijesinde 2 terrorçynyň bardygy anyklandy. 

Terror guramasy PKK/KJK-a agza terrorçylaryň galýan ýere şu gün irden howpsuzlyk güýçleri tarapyndan geçirilen operasiýanyň barşynda bolan ýaragly çaknyşykda guramanyň 2 agzasy öli ýagdaýda ele salyndy. 

Täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň biriniň Içeri işler ministrligi tarapyndan taýarlanan terrordan gözlenýänleriň sanawynda gök kategoriýada bolan "Hejar Ronýa Serhat" adyny ulanýan Sewilaý Akýyldyrymdygy anyklandy. 

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu hem sosial media hasabyndan beren beýanatynda, terrorçylaryň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini belläp: "2023-nji ýylyň 29-njy oktýabryna çenli Türkiyäniň daglarynda ýekejede terrorçy goýmarys. Içeri işler edarasynyň Razwedka bölümini we Wan welaýatynyň Içeri işler müdürligini gutlaýaryn" diýip belledi. 


Etiketkalar: #terrorçy , #PKK , #Wan , #Türkiye

Degişli Habarlar