Ýaponiýa Baýraktar TB 2-ni, Synagdan Geçirer

Ýaponiýanyň harby goşuny uçarmansyz howa ulagy bilen ýakyndan gyzyklanmaga başlady

1971382
Ýaponiýa Baýraktar TB 2-ni, Synagdan Geçirer

Türkiýede öndürlen ýaragly uçarmansyz howa ulaglaryna bolan talap gün saýyn artýar.

Tehnalogiýa taýdan ösen Ýaponiýanyň hem Baýraktar TB2 ýaragly uçarmansyz howa ulagyny synag maksady bilen ulanjakdygy nygtaldy.

Ýaponiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä Baýraktar TB2 ýaragly uçarmansyz howa ulagynyň Garabag we Ukraina söweşlerinde gazanan üstünliklerinden soň, Ýaponiýanyň harby goşunynyň uçarmansyz howa ulagy bilen ýakyndan gyzyklanmaga başlandygy ýatladyldy.

Habarlarda, Ýaponiýanyň Goranmak ministrliginiň 2023-nji ýyldaky bujetiniň çäginde Baýraktar TB2 ýaragly uçarmansyz howa ulagyny synag maksady bilen ulanjakdygy we Ýaponiýanyň Gury ýer güýçleri tarapyndan käbir synaglardan geçiriljekdigi nygtaldy.

Synaglar üstünlikli ýagdaýda netijelenen halatynda Ýaponiýanyň Baýraktar TB2 ýaragly uçarmansyz howa ulagyny satyn almak üçin BAÝKAR firmasy bilen gepleşik geçirmegine garaşylýar.

Ýaponiýanyň Ankaradaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Suzuki Kazuhiro hem 1-nji aprelde Baýkar firmasynyn dolanşyk geňeşiniň başlygy Selçuk Baýraktar bilen duşuşypdy.



Degişli Habarlar