Prezident Erdogan Eýranly Kärdeşi Raisi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Erdogan täze çaknyşyklaryň öňüniň alynmagy üçin parasatly hereket edilmelidigini nygtady.

1971613
Prezident Erdogan Eýranly Kärdeşi Raisi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

 

Prezident R. T. Erdogan, Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannamada görä, iki lider telefon söhbetdeşliginde Türkiýe bilen Eýranyň arasyndaky özara gatnaşyklar we Ysraýylyň Aksa metjidine guraýan hüjümleri bilen birlikde sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan, telefon söhbetdeşliginde Ysraýylyň Aksa metjidiniň başda durmagynda Palestinada guraýan hüjümlerine garşy musulman dünýäsiniň jebislikde hereket etmelidigine ünsi çekdi.

Erdogan täze çaknyşyklaryň öňüniň alynmagy üçin parasatly hereket edilmelidigini nygtady.

Prezident Erdogan, Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň we BMG-nyň başda durmagynda halkara platformalara keramaly ýerleriň statusynyň goralyp saklanmagy üçin tagalla edilmegi barada çagyryş berdi.

Prezident Erdogan, Ýewropanyň birnäçe şäherinde esasan Türkiýäniň ilçihanasynyň önünde soňky döwürde Gurhanyň ýakylmagyna garşy hem tutanýerli tutumyň alnyp barylmalydygyny belledi.

 

 



Degişli Habarlar