Gresiýanyň Premýer-ministri Ankara Geldi

Myhman Premýer-ministri howa menzilinde Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen birlikde beýleki ýolbaşçylar garşylady.

2139002
Gresiýanyň Premýer-ministri Ankara Geldi

Gresiýanyň Premýer-ministri Kirýakos Mikotakis, Prezident R. T. Erdogan bilen duşuşmak üçin Ankara geldi.

Myhman Premýer-ministri paýtagt Ankarada howa menzilinde Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen birlikde beýleki ýolbaşçylar garşylady.

Prezident Erdoganyň myhmany hökmünde Ankara gelen Mikotakisiň saparynyň çäginde Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklar ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylar, hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri seljerler.

Aktual sebitara we halkara meseleler hem saparyň gün tertibinde esasy orun eýeleýär.

 

 



Degişli Habarlar