Türkiye Saud Arabystanynda başdan geçirilen awtobus heläkçiligine gynanç bildirdi

Türkiye Saud Arabystanynda 20 adamyň ýogalmagy we köp sanda adamyň ýaralanmagy bilen netijelenen awtobus heläkçiligi sebäpli gynanç ýüzlenmesini çap etdi

1966576
Türkiye Saud Arabystanynda başdan geçirilen awtobus heläkçiligine gynanç bildirdi

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, awtobus heläkçiliginde 20 adamyň ýogalandygy we köp sanda adamyň ýaralanandygy baradaky habaryň uly gynanç bilen alynandygy mälim edildi. 

Beýanatda: "Bu gussaly wakada ýogalan adamlara Alladan rehnet, dogan-garyndaşlaryna gynanç bildirýäris, ýaralanan adamlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileýäris" diýip habar berildi. 

Saud Arabystanynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň mälim etmegine görä Abha we Muhaýyl Asir şäherleriniň arasynda ýolagçy awtobusy köprä kakdy.

Umra zyýaratçylaryny alyp barýan awtobusyň köprä kakyp agdarylyp, ýanmagy sebäpli 20 adam ýogaldy, köp sanly adam ýaralandy.

Ýemeniň metbugaty bolsa ýol heläkçiligine sezewar bolan awtobusyň ýemenli zyýaratçylary alyp barýandygyny ýazdy.



Degişli Habarlar