Tanzaniýa, Ýer Titremeleri Zerarly Türkiýä 1 Million Dollarlyk Kömek Berdi

Tanzaniýanyň Ankaradaky ilçisi Ýakup Hasan Muhammed, ýurdunyň adyndan berlen 1 million dollarlyk kömegi AFAD-a gowşurdy.

1964958
Tanzaniýa, Ýer Titremeleri Zerarly Türkiýä 1 Million Dollarlyk Kömek Berdi

Tanzaniýa 6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremelerinde ejir çekenler üçin 1 million dollarlyk kömek berdi.

Tanzaniýanyň Ankaradaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýakup Hasan Muhammed, ýurdunyň adyndan berlen 1 million dollarlyk kömegi AFAD-a gowşurdy.

Ilçi Muhammed, Tanzaniýanyň Prezidenti Samia Suluhu Hassanyň we tanzaniýanyň halkynyň adyndan Prezident R. T. Erdogana we türk halkyna gynanç bildirdi.



Degişli Habarlar