Mewlüt Çawuşogly Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Orban tarapyndan kabul edildi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Twitter hasabyndan geçirilen duşuşyk bilen bagly beýanat berdi

1940254
Mewlüt Çawuşogly Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Orban tarapyndan kabul edildi

Resmi saparyň çäginde Wengriýanyň paýtagty Budapeşt şäherine baran Türkiyäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Orban tarapyndan kabul edildi.

Türkiyäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Twitter hasabyndan geçirilen duşuşyk bilen bagly beren beýanatynda: "Budapeşt şäherindäki ilkinji duşuşygymyzy strategik hyzmatdaşymyz Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Orban bilen amala aşyrdyk. Netijeli geçen duşuşyk üçin özüne minnetdarlyk bildirýäris. Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Orbana Prezidentimiz Rejep taýýip Erdoganyň salamyny we Türkiyä sapar guramak baradaky çakylygyny ýetirdik" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar