Türkmenistanyň tebigy gazyny Türkiyä daşamak boýunça ylalaşyk gazanyldy

Türkmenistanyň tebigy gazyny Azerbaýjanyň we Gruziýanyň üsti bilen Türkiyä daşamak boýunça ylalaşyk gazanyldy

2139566
Türkmenistanyň tebigy gazyny Türkiyä daşamak boýunça ylalaşyk gazanyldy

Türkiyäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministri Mikaýyl Jabbarow bilen bilelikde Stambulda geçirilen Türkiye-Azerbaýjan tebigy gaz ugry boýunça hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekmek dabarasyna gatnaşdy. 

Dabaradan soň geçirilen metbugat ýygnagynda çykyş eden Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar iki ýurduň şu günki güne çenli ençeme taslamany bilelikde durmuşa geçirendigini belläp: "Baku-Tbilisi-Jeýhan çig nebit geçiriji turba liniýasy, Azerbaýjanyň nebiti başda bolmak bilen Hazar sebitindäki, Kawkaz geografiýasyndaky nebitiň Türkiyä we Türkiyäniň üstaşyr dünýä bazarlaryna ýetirilmegi taýdan uly ähmiýete eýedir. Bu dünýä nebit bazary üçin, açyk-aýdyň dünýä nebit üpjünçiliginiň deňagramly bolmagy üçin örän möhüm bir taslamadyr" diýip belledi. 

Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar iki ýurduň Baku-Tbilisi-Erzurum tebigy gaz geçiriji turba liniýasy, TANAP taslamasyny durmuşa geçirýändigini belläp: "Esasan hem şu gün gol çeken ylalaşyk bilen birlikde gatnaşyklarymyz tebigy gaz ugry boýunça täze bir sepgide ýetdi. Bu ylalaşygyň içinde 2030-njy ýyla çenli Azerbaýjanyň çeşmeleriniň, tebigy gazynyň, Hazar sebitindäki tebigy gazyň, Türkiyä goşmaça gazyň ýetirilmegini, tebigy gazyň bir böleginiň bolsa Türkiyäniň üstaşyr Ýewropa ýetirilmegini göz öňünde tutýarys. Şonuň bilen birlikde Türkmenistanyň tebigy gazynyň Azerbaýjan we Gruziýanyň üstaşyr Türkiyä ýetirilmegi babatynda hem bu ylalaşygyň netijesinde ylalaşyga geldik" diýip habar berdi. 

Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministri Jabbarow hem Türkiye-Azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň Ýewropanyň energiýa howpsuzlygyna goşant goşýandygyna ünsleri çekdi. 

Ygdyr-Nahiçewan turba geçirijisiniň hem ähmiýetine ünsleri çeken Jabbarow, şol sebite ugradyljak tebigy gaz bilen Nahiçewanyň energiýa howpsuzlygy bilen birlikde, Türkiye-Azerbaýjan doganlygynyň hem güýçlenjekdigini beýan etdi. 



Degişli Habarlar