Çawuşogly: "Türkiye hökmünde NATO-nyň giňelmegine garşy däldiris" diýdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agza bolmaklary bilen bagly: "Biz Türkiye hökmünde NATO-nyň giňelmegine garşy däldiris" diýip belledi

1939613
Çawuşogly: "Türkiye hökmünde NATO-nyň giňelmegine garşy däldiris" diýdi

Türkiyäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, paýtagt Ankara şäherinde Portugaliýanyň Daşary işler ministri Žoao Gomeş Krawino bilen duşuşyk geçirdi. 

Geçirilen duşuşykdan soň metbugat ýygnagyny geçiren Mewlüt Çawuşogly, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň Finlýandiýa ýüzlenmesi bilen bagly: "Düýn Prezidentimiziň beren beýanaty, aslyna garanyňda tapgyryň başyndan bäri beren beýanatlarymyzyň tassyklanmasydyr. Iki ýurduň ýüz tutma tapgyryny başladanlaryndan bäri, Finlýandiýa bilen has az meselämiziň bardygyny aýdýardyk. Mesele başymyzdan geçirýän bir ýurt bilen has az mesele başymyzdan geçirýän ýurduň arasynda tapawut goýmak has adalatly bir çemeleşme bolar. Emma iki ýurduň agzalyk tapgyrynyň bilelikde alynyp barylmagy islendi. Şol sebäpli iýun aýynda NATO sammitinde Türkiye bilen Üçtaraplaýyn ähtnama gol çekildi. Şol günden bäri Finlýandiýa käbir ädimleri etdi, emma Şwesiýada bolşy ýaly meçew beriji hereketler edilmedi" diýip habar berildi. 

Mewlüt Çawuşogly Türkiyäniň NATO-nyň giňelmegine garşy bolmaýandygyny belläp: "Biziň Finlýandiýa we Şwesiýa bilen kategoriki meselämiz ýok, olaryň howpsuzlyk aladalaryna düşünýäris. Türkiyäniň hem aladalarynyň diňe düşünilmegi ýeterlik däl, berjaý edilmegi gerek. Finlýandiýa babatynda Şwesiýadan garaşsyz bir netijelendirmämiz bolup diýip aýdypdy Prezidentimiz. Bu meselede adaltly bolmalydyrys. Şol sebäpli Prezidentimiz şony nygtap geçdi" diýip mälim etdi. 

Prezident Erdogan mesele bilen bagly beren beýanatynda: "Finlýandiýa bilen baglanşykly tapawutly ýüzlenme beren mahalymyz Şwesiýa geň galar" diýipdi. 



Degişli Habarlar