Mewlüt Çawuşogly Ukraina gynanç bildirdi

Dikuçar heläkçiliginde Ukrainanyň Içeri işler ministri Denis Monastyrskiý we orunbasary bilen birlikde jemi 18 adamyň ýogalandygy habar berilipdi

1934725
Mewlüt Çawuşogly Ukraina gynanç bildirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäheriniň golaýynda başdan geçirilen dikuçar heläkçiliginde 18 adamyň ýogalmagy zerarly Ukraina gynanç bildirdi. 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, resmi Twitter hasabyndan iňlis dilinde beren beýanatynda: "Ukrainanyň Içeri işler ministri bilen birlikde ençeme adamyň ýogalan, Kiýewiň golaýyndaky Browaryda başdan geçirilen dikuçar heläkçiligi bilen bagly habary uly gynanç bilen aldym" diýip habar berdi. 

Beýanatynda ukrainaly kärdeşi Dmitro Kulebany hem goşan Mewlüt Çawuşogly: "Dogan-garyndaşlaryny ýitiren maşgalalara we Ukrainanyň halkyna gynanç bildirýärin. Mundan başgada şikes ýetenlere gyssagly şypa dileýärin" diýip mälim etdi. 

Ady agzalan dikuçar heläkçiliginde Ukrainanyň Içeri işler ministri Denis Monastyrskiý we orunbasary bilen birlikde jemi 18 adamyň ýogalandygy habar berilipdi. 

Beýleki tarapdan Ukrainanyň Içeri işler ministrliginiň geňeşçisi Anton Geraşenko sosial media hasaby Facebook-yň üsti bilen: "Tragediýanyň sebäpleri derňewçiler tarapyndan derňelýär. Sabotažmy, enjamlaryň näsazlygymy, uçuş howpsuzlygynyň düzgünleriniň bozulmagymy, ýakyn wagtda aýan bolar" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar