Türkiye Nepala gynanç bildirdi

Türkiye Nepalda başdan geçirilen uçar heläkçiliginde ýogalan adamlar sebäpli gynanç ýüzlenmesini çap etdi

1932878
Türkiye Nepala gynanç bildirdi

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda: "Nepalda şu gün irden başdan geçirilen uçar heläkçiliginiň netijesinde köp sanda adamyň ýogalandygy baradaky habar uly gynanç bilen alyndy. Bu gynandyryjy wakada ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna we dostlukly Nepalyň halkyna we hökümetine gynanç bildirýäris, ýaralananlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileýäris" diýip habar berildi. 

Nepalyň merkezindäki Pokhara sebitinde düzüminde 68 ýolagçy we 4 adamdan ybarat ekipaž bolan ýolagçy uçaryň Seti derýasynyň jülgesine gaçmagy netijesinde 68 adam ýogaldy. 



Degişli Habarlar