Türkiyäniň Goranmak ministri russiýaly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiyäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde terror guramalarynyň täsirsiz ýagdaýa getirilmeginiň Türkiýäniň ileri tutýan ugrudygyny beýan etdi

1910739
Türkiyäniň Goranmak ministri russiýaly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiyäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu  telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Hulusi Akaryň Sergeý Şoýgu bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde, ikitaraplaýyn we sebitleýin goranyş bilen howpsuzlyk meseleleriniň maslahatlaşylandygy habar berildi. 

Telefon söhbetdeşliginde ministr Akar tarapyndan: "Siriýanyň demirgazygynda sebitde ýola goýulan durnuklylygy bozmak üçin edilen meçew bermeler we hüjümler bilen asuda ilatyň ýaşaýan ýerleriniň we raýatlaryň nyşana alynýan aksiýalara garşy gerek bolan jogabyň berilendigi we berilmäge dowam ediljekdigi" beýan edildi. 

Mundan başgada terror howpunyň we koridoryň hemişelik ýagdaýda öňüniň alynmagynyň we terror guramalarynyň täsirsiz ýagdaýa getirilmeginiň Türkiýäniň ileri tutýan ugrudygy we şol meselede ozal gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzüne geçirilmeginiň örän möhümdigi ýene-de bir gezek nygtaldy. 



Degişli Habarlar