Türk Daşary işler ministri meksikaly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türk Asyrynyň başlandygyny nygtap, Türk dünýäsiniň bileleşiginiň hiç kime garşy olmandygyny beýan etdi

1907847
Türk Daşary işler ministri meksikaly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly paýtagt Ankara şäherinde Meksikanyň Daşary işler ministri Marselo Ebrard bilen duşuşyk geçirdi. 

Geçirilen ikiçäk duşuşykdan soň metbugat ýygnagy geçirildi. 

Türkiyäniň we Meksikanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça dowamly häsýetde özgermeginden hoşaldygyny aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Gatnaşyklarymyzda uly mümkinçilikler bar. Şol mümkinçiliklerden peýdalanmagymyz gerek. Şu gün şolary maslahatlaşdyk" diýip habar berdi. 

Söwda gatnaşyklaryň öňündäki päsgelçilikleriň aýrylmagynyň gerekdigini aýdan Çawuşogly, öňümizdäki ýylyň ilkinji çärýeginde Erkin Söwda ylalaşygy bilen bagly gepleşikleriň işjeňleşdirilmegi babatynda ylalaşandyklaryny mälim etdi. 

Türk teleseriallarynyň Meksikada uly gyzyklanma bilen tomaşa edilmegi bilen, türk diline bolan gyzyklanmanyň hem artandygyny aýdan Çawuşogly, Meksikada türk dili dersleriniň okadylyp başlanandygyny we türk diline bolan gyzyklanmanyň hem ýokarydygyny aýan etdi. 

DKTR-nyň Türk Döwletleriň Guramasyna synçy agza bolmagyna garşy bildirilýän nägilelikleriň üstünde durup geçen Çawuşogly: "Ýewropa Bileleşiginiň Türki Döwletleri Guramasynyň işlerine goşulmagyna näme haky bar. ABŞ-da ýüzlenmämiz şu: Hem Türkiye-Gresiýa gatnaşyklarynda hem-de Kiprde deňagramlylyklary bozduňyz. Tereziňiz bozuldy. Deňagramly boluň we halkara hukuk barada aýdýarsyňyz welin, Gresiýanyň Kipriň Grek bölegindäki düzgün bozmalaryňa ser salyň. Şol bir wagtda biz ABŞ-dan rugsat almarys" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar