Prezident Erdogan, Germaniýanyň Federal Kansleri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Iki lider telefon söhbetdeşliginde Türkiýe-Germaniýa gatnaşyklary bilen birlikde sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

1900812
Prezident Erdogan, Germaniýanyň Federal Kansleri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident R. T. Erdogan, Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, iki lider telefon söhbetdeşliginde Türkiýe-Germaniýa gatnaşyklary bilen birlikde sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň güýçlenmegi üçin Germaniýanyň Federal Kansleri bilen ýakyndan aragatnaşyk saklanmagyna uly ähmiýet berýändigini nygtady.

Germaniýanyň Türkiýe-Gresiýa gatnaşyklary meselesinde bitarap tutum alyp barmagyna garaşýandyklaryny aýdan Erdogan, Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky gepleşikleriň, Gümrük bileleşiginiň we agzalyk gepleşikleriniň janlandyrylmalydygyny nygtady.

Prezident Erdogan bilen Germaniýanyň Federal Kansleri Şols telefon söhbetdeşliginde şeýle hem Russiýa-Ukraina söweşi hakynda pikir alyşdy.

 



Degişli Habarlar