NATO-nyň Harby komitediniň wekiliýeti Türkiyä geldi

Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, düýn Izmirde ýerleşýän NATO-nyň Umumy Gury ýer goşun serkerdeligi bilen başlan saparyň şu gün Stambulda tamamlanjakdygy aýan edildi

1895903
NATO-nyň Harby komitediniň wekiliýeti Türkiyä geldi

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrligi, NATO agza ýurtlaryň ýokary derejeli harby wekillerinden emele gelen NATO-nyň Harby komitetinden, Halkara Harby kanselýariýa işgärlerinden we NATO-nyň Strategik serkerdeliginden ybarat wekiliýetiň Türkiyä sapar gurandygyny habar berdi. 

Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, düýn Izmirde ýerleşýän NATO-nyň Umumy Gury ýer goşun serkerdeligi bilen başlan saparyň şu gün Stambulda tamamlanjakdygy aýan edildi. 

Beýanatda wekiliýetiň Stambulda Köp milletli umumy Harby merkez serkerdeligine, NATO-nyň Tiz wagtda düzülýän korpusyň Türkiýedäki ştabyna we NATO-nyň Deňiz howpsuzlygy merkezine baryp görjekdigi mälim edildi. 

Beýanatda ozaldan meýilleşdirilen saparyň çäginde, wekiliýete alýansyň gündogar ganadynda asudalygyň we howpsuzlygyň ýola goýulmagy üçin Türkiyäniň öz üstüne alan başlangyçlary we jogapkärçilikleri, Ukraina berilen goldaw, bikanun immigrasiýa, terrorizim, adam we neşe kontrabandasy ýaly howplara garşy Türkiye tarapyndan edilýän tagallalar bilen Türkiyäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan NATO-nyň operasiýalaryna we işlerine bolan ýokary gatnaşyk bilen alýansyň eýmendirmesine we goranyşyna berilýän goldawlar babatynda maglumatlaryň berilendigi habar berildi. 


Etiketkalar: #sapar , #wekiliýet , #NATO , #Türkiye

Degişli Habarlar