Hulusi Akar NATO-nyň Baş Sekretary Stoltenberg Bilen Duşuşdy

Akar bilen Stoltenberg duşuşykda sebitara goranyş we howpsyzlyk meselesi hakynda pikir alyşdy.

1892085
Hulusi Akar NATO-nyň Baş Sekretary Stoltenberg Bilen Duşuşdy

NATO agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin Belgiýanyň paýtagty Brýussele giden Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen duşuşdy.

Akar bilen Stoltenberg duşuşykda sebitara goranyş we howpsyzlyk meselesi hakynda pikir alyşdy.

Ministr Akar Türkiýäniň şu günki güne çenli bolşy ýaly mundan soň hem NATO-daky jogapkärçiliklerini ýerine ýetirjekdigini belledi.

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg hem Türkiýäniň guramanyň esasy hyzmatdaşydygyny nygtady.

Stoltenbergiň duşuşykda ukrain gallasynyň Gara deňizden üstaşyr dünýä bazarlaryna ýetirilmeginde we Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda ýesirleriň çalşylmagynda uly rol oýnandygy sebäpli Türkiýä sagbolsun aýdandygy bellenildi.

Milli Goranmak ministri Akar, Ukraina aragatnaşyk toparynyň maslahatyna hem gatnaşdy.

Maslahatda Türkiýäniň, Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky söweşiň bes edilmegi we dartgynlygyň gowşamagy üçin edýän tagallasyny gürrüň beren Akar, diplomatiýanyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Ministr Akar, Türkiýäniň diplomatik tagallalaryň çäginde galla ylalaşygynyň gazanylandygyny, Russiýa bilen Ukrainanyň ýesirlerini çalşandygyny belledi.

 

 



Degişli Habarlar