Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Siriýanyň demirgazygyndaky Zeýtun şahasy we Parahatçylyk Çeşmesi sebitlerine hüjüm guran ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 13 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1864680
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, gahryman türk esgerleriň terrorçylara garşy göreşini Siriýanyň demirgazygynda hem täsirli we tutanýerli ýagdaýda dowam etdirýändigi aýan edildi. 

Beýanatda: "Zeýtun Şahasy we Parahatçlyk çeşmesi sebitlerine od açan we hüjüm guran PKK/ÝPG-e agza 13 terrorçy üstünlikli geçirilen operasiýa bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berildi. 

Tunjeli welaýatynyň obalyk ýerinde geçirilen operasiýada bolsa terrorçylar tarapyndan ulanylan 2 aýry gaçybatalga ýok edildi. 



Degişli Habarlar