Türkiýe Yrakdaky taraplara çagyryş berdi

Türkiýe Yragyň paýtagty Bagdad şäherinde başdan geçirilýän hadysalar sebäpli taraplary sowukganly bolmaga çagyrdy

1862347
Türkiýe Yrakdaky taraplara çagyryş berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, Bagdatda başdan geçirilýän hadysalara ýakyndan gözegçilik edilýändigi mälim edildi. 

Yrakdaky hadysalaryň esasyny emele getiren syýasy näbelliligiň iň gysga wagtda ortadan aýyrlmagy we Yragyň halkynyň tamalarynyň çäginde giňişleýin, wekiliçilik kuwwady güýçli bir hökümediň has hem gijikdirmezden döredilmeginiň dileg edilen beýanatda: "Yraklylaryň pikirlerini we tamalaryny demokratik ýollar bilen beýan etmek hukugyna hormat goýarys. Şol çäkde aşa güýçden uzak durulmagynyň we döwlet düzgüniniň goralmagynyğ gerekdigini nygtap geçýäris. Degişli ähli taraplara sagdynpikirlilik we sowukganlylyk bilen hereket etmekleri barada çagyryş berýäris" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar