Mardin welaýatynda PKK/KJK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynda ekstremist terror guramasy PKK/KJK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1860557
Mardin welaýatynda PKK/KJK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Içeri işler ministrliginden berilen beýanatda, terror guramasy PKK/KJK-nyň işleriniň ýüze çykarylmagy we öňüniň alynmagy bilen bagly howpsuzlyk güýçleri tarapyndan dowam etdirilýän işleriň çäginde düýn Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynyň obalyk ýerinde uçarmansyz howa ulagynyň kömegi bilen guramanyň 3 agzasynyň bardygynyň anyklanandygy habar berildi. 

Terror guramasyna agza terrorçylaryň uçarmansyz howa ulaglary bilen ýerleriniň anyklanandygy bellenen beýanatda, F-16 harby uçarlar we ýaragly uçarmansyz howa ulaglar bilen 3 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi, mundan başgada sebitde bolmagy ähtimal beýleki terrorçylaryň täsirsiz ýagdaýa getirilmegi maksady bilen başladylan giň gerimli operasiýalaryň dowam edýändigi mälim edildi. 

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu sosial media hasabyndan beren beýannamasynda: "Topraklarymyzda terrorçy islemeýäris. Boýun egiň" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar