Prezident Erdogan Ysraýylyň Premýer ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Ysraýylyň Premýer ministri Ýair Lapid bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1854284
Prezident Erdogan Ysraýylyň Premýer ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýannama görä, Ysraýylyň Premýer ministri Ýaip Lapid Prezident Erdogany Gurban baýramy bilen gutlamak maksady bilen telefon arkaly jaň etdi. 

Türkiýe-Ysraýyl gatnaşyklary we sebitleýin meseleleriň ele alynan telefon söhbetdeşliginde Prezident Erdogan Lapidi Premýer ministr wezipesine bellenmegi mynasybetli gutlady. 

1-nji noýabrda geçiriljek saýlawlaryň Ysraýylyň halky üçin düşümli bolmagyny dilän Prezident Erdogan, saýlaw tapgyryna çenli täze ýaşaýyş ýerleriň gurulmagyna rugsat berilmezligi we Aksa metjidiniň statusynyň goralmagy ýaly syýasatlaryň dowam etdirilmegine bolan isleglerini beýan etdi. 



Degişli Habarlar